
Türkmen deputaty Strategiki meýilnamalaşdyryş boýunça maslahata gatnaşdy
5 – 9-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän Strategiki meýilnamalaşdyryş boýunça ýaş geňeşçileriň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Mejlis habar berýär.
Okuw maslahatynyň esasy maksady strategiki meýilnamalaşdyryş töwekgelçiligini bahalandyrmak, karar bermek işlerinde dolandyryjylara, dolandyryş toparlaryna netijeli goldaw bermek, strategiki pikirlenmek, derňew we strategiýany ösdürmek boýunça ýaş hünärmenlerde esasy başarnyklary kemala getirmekden ybarat.
Bu okuw maslahaty strategiki sapaklar üçin analitiki materiallary taýýarlamakda, ýol kartalary düzmekde, strategiki maksatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekde maglumat ýygnamak we aragatnaşyk saklamak üçin möhüm meýdança boldy.
Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de ilerletmek, durmuş goraglylygyny, beden we ruhy taýdan sagdyn, kämil nesil bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, raýat işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça toplanylan milli tejribeler barada pikir alyşdylar.