Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady

Şu ýyl Türkmenistanda döwrebap obalar we şäherçeler, täze desgalar açylar

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmäge taýýarlyk görüp başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2024-nji ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze sepgitlere ýetdi – Bektenow

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi

    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, Türkmenistanda aragatnaşyk babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de aragatnaşyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we oňa gözegçilik edilmegini amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar. Agentlik üstüne ýüklenen wezipeleriň çäklerinde ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet ulgamy, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlygy, hemra aragatnaşygy, milli tele we radio ýaýlymlaryny ýaýratmak, hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça işleri durmuşa geçirýär. 2015-nji ýylda «TürkmenÄlem 52°E» ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli tele we radio ýaýlymlarynyň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşiginiň, Bütindünýä Poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, GSM assosiasiýasynyň, IP salgylary we Domen atlary berkitmek boýunça Internet – korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalarynyň doly hukukly agzasy bolup, bu guramalar bilen uzakmöhletleýin işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

 

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar:

1. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we onuň garamagyndaky 5 sany welaýat kärhanalar;

2. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy we onuň garamagyndaky 4 sany welaýat kärhanalar;

3. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy;

4. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy;

5. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet feldýeger gullugy;

6. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirligi;

7. Politehniki orta hünär okuw mekdebi;

 

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň paýly gatnaşygyndaky jemgyýetleri:

1. «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;

2. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;

3. «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;

4. «Türkmentehnolgurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;

5. «Türkmendomen» Hojalyk jemgyýeti;

6. «Bagtyýar» Hojalyk jemgyýeti;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi