Türkmenistanda optiki-süýüm kabelleri öndürýän önümçilik desgasy gurlar

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «LS Cable & System Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu resminama iki tarapyň arasynda telekommunikasiýa we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda uzak möhletleýin hem-de ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, taraplar Türkmenistanda optiki-süýüm kabel önümçiligini ýola goýmak we degişli tehniki goldawy bermek, şeýle hem telekommunikasiýa magistralynyň we infrastrukturanyň gurluşygy boýunça bilelikde iş alyp bararlar. 

Ähtnamanyň esasynda durmuşa geçiriljek bilelikdäki taslamalar Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaryna, şeýle hem ýurduň halkara telekommunikasiýa magistrallaryndaky eýeleýän strategik ornuny berkitmäge uly goşant goşar.