«Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
I. Bäsleşigiň esasy maksatlary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň
ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu işlere bilimli,
başarnykly, ussat hünärmenleri çekmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen «Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Konsepsiýany amala aşyrmagyň
talaplaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, sanly
ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek
hem-de bu ugurda anyk çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak şeýle hem, IT hünärmenler bilen üpjün etmek
bellenilen.
Kabul edilen konsepsiýa laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe
pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi
bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze
çykarmak hem-de höweslendirmek, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze Startaplara (StartUp)
badalga bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriligi «Sanly çözgüt – 2026» atly
innowasion taslamalaýryň bäsleşigi geçirilýär.
Şu düzgünnama bäsleşigiň geçiriliş şertlerini we tertibini kesgitleýär.
II. Bäsleşigiň umumy düzgünleri
Taslamalar (oýlap tapyşlar) üçin internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryljak web hyzmatlarynyň täze
görnüşleriniň, dürli kompýuterleriň we ykjam aragatnaşyk enjamlarynda ulanyljak programma üpjünçiligi (işjeň
ulgamlaryň) taýýarlanylmagy hökmandyr;Bäsleşige gatnaşyjylar öz programma üpjünçiligini taslamalarynda, oýlap tapyşlarynda kiberhowpsuzlyk
ýagdaýlary, adamzat bähbitlerine ýetirjek mümkinçilikleri baradaky maglumatlaryň görkezilmegini bellenilen
görnüşde aýdyňlaşdyrylmalydyr (Nusga №2);Döwrüň talaplaryna gabat gelmegi, döredilen programmanyň ulanyp bilinjek möhletiniň görkezilmegini
bellenilen görnüşde aýdyňlaşdyrylmalydyr; Döredilen (düzülen) oýlap tapyşlaryň şu aşakdaky talaplaryň göz öňünde tutulyp taýýarlanylmagy möhümdir:
Taslamanyň wajyplygy, önümçilige ornaşdyrylmagynyň mümkinçiligi;Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň işini ösdürmekde innowasiýa usullarynyň peýdalanylyşy;Ykdysady taýdan peýdalylygy;Oýlap tapyşyň hili we durmuşda ulanmak ýeňilligi (rahatlygy);Dizaýn taýdan bezelmegi;Döredilen oýlap tapyşlar kanunçylygyň ähli talaplaryna laýyklykda düzülmelidir. Göçürmä (плагиат) rugsat
berilmeýär. Ýazylan programma üpjünçiligiň esaslandyryş kodlary bolmalydyr; III. Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünleri
Şu bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmak rugsat edilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam
sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň ýolbaşçysy anyk kesgitlenmelidir).Şu bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýänleriň resminamalary ýaşlar tarapyndan hödürlenip biliner.Bäsleşige gatnaşmak üçin, gatnaşýan şahsyň (topar ýolbaşçysynyň) ýazmaça arzasy, çap edilen maglumatynyň
(agzalarynyň), pasportynyň nusgalary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.Bäsleşige gatnaşyjylaryň resminamalaryna gatnaşyjynyň anyk ýuridiki salgysynyň ýa-da haýsy edaradan
gatnaşýandygy, aragatnaşyk telefon belgileriniň, faks belgileriniň, web saýtlarynyň we elektron poçtalarynyň
maglumatlaryny bellenilen görnüşde doldurylmagy zerurdur (Nusga №1);Ýuridiki şahslar tarapyndan hödürlenýän gatnaşyjynyň (toparyň we düzüminiň) maglumatlary, resmi edara
maglumatlary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.Şol bir edara-kärhanadan birnäçe şahslaryň (toparlaryň) aýratynlykda gatnaşmagyna rugsat edilýär, emma
gatnaşyjylary (topar düzümdäkileri) gaýtadan hasaba alynmaýar.Şahsy tertipde taslamasyny hödürlänleriň hut özleriniň (toparlaýyn hödürlänleriň islendik topar agzalarynyň)
çykyş etmekligi we özüniň taslamasy (oýlap tapyşyny) doly işjeň ýagdaýynda görkezmegi hökman bolup, onuň öz
taslamasy bilen tanyşdyrmak wagty 10 minuda çenli wagt aralygynda bolmaly.Bäsleşige gatnaşýanlaryň resminamalary 2026-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi
tarapyndan hasaba alynýar.«Türkmentel – 2026» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda bäsleşigiň jemleri yglan
ediler.IV. Bäsleşigiň geçiriliş tertibi we guramaçylyk topary
Bäsleşik 7 ugur boýunça geçiriler, ýagny:
- Emeli aň;
- Robototehnika we awtomatizasiýa;
- Akylly oba hojalyk tehnologiýalary;
- Smart City;
- Bilim we elektron okuw;
- Sanly lukmançylyk;
- Hyzmatlar ulgamy.
Bäsleşige hödürlenýän taslamalary (oýlap tapyşlary) seljermek üçin, eminlik etmek maksady bilen, wagtlaýyn
ýörite seljeriş topary döredilýär.
Seljeriş toparynyň düzümine umumy ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar we
ylalaşylyp düzülýär.
Şahsy tertipde taslamasyny hödürlänleriň hut özleriniň (toparlaýyn hödürlänleriň islendik topar agzalarynyň)
çykyş etmekligi we özüniň taslamasy (oýlap tapyşyny) doly işjeň ýagdaýynda görkezmegi hökman bolup durýar.
Bäsleşige gatnaşyjynyň çykarylan netijeden närazy bolan halatynda ýolbaşçylaryň umumy ylalaşygy esasynda
arz-şikaýat topary döredilip, ol topar gatnaşyjynyň taslamasyny (oýlap tapyşyň netijesini) özbaşdak
seljermek arkaly gutarnykly netije çykarýar. Eger ilkinji toparyň çözgüdi hakykatdan-da kanagatlanarsyz
bolsa, onda arz-şikaýat toparynyň çözgüdi gutarnykly hasaplanýar.
Bäsleşigiň geçirilýän günlerinde gatnaşyjynyň (topar ýolbaşçysynyň) gatnaşmadyk ýagdaýynda (dürli
sebäplere görä) taslama hödürlenen işleriň sanawyndan aýrylýar we gatnaşyjy gatnaşmak hukugyny
ýitirýär.
Bäsleşigiň her bir ugry boýunça birinji, ikinji we üçünji orun eýelän taslama Türkmenistanyň Aragatnaşyk
ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hem-de agentligiň paýly gatnaşygyndaky jemgyýetleriň maliýe
serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi bilen pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar
bilen sylaglanar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýeňijilerini saýlamak üçin alnan bahalar ýa-da ballar gazanmak tertibinde amala
aşyrylar.
Dörediljek wagtlaýyn ýörite topar agzalary tarapyndan bahalaryň ýa-da ballaryň haýsy kriteriýalara görä
(Mysal hökmünde göterim (%) görnüşinde) goýular.(Nusga №3)
V. Bäsleşikde gadagan edilýän hereketler
- Jemgyýetçilik çäklerini we özüňi alyp barmak tertiplerini bozmak;
- Wirusly ýa-da howply resminamalary ýüklemek we almak;
- Iş we onuň mazmuny bäsleşige gatnaşyjylaryň we ony gurnaýjylaryň göwnine degip biljek taslamanyň
görnüşini hödürlemek.
Ýokarda görkezilen hereketler ýüze çykarylan ýagdaýynda, bäsleşigi gatnaşyjyny gurnaýjynyň karary esasynda
birtaraplaýyn tertipde dalaşgärleriň sanawyndan aýrylyp bilner.
VI. Bäsleşigiň geçirilişiniň beýan edilmegi
Bäsleşigiň geçiriliş şertleriniň düzgünnamasyny mahabatlandyrmak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
üsti bilen guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylar.
Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm
internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.