
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet saýtlaryna bildirilýän tehniki talaplary täzeledi
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet web-saýtlaryny döretmek we işe girizmek üçin bir bitewi tehniki talaplara üýtgetmeler girizdi. Degişli buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.
Girizilen üýtgetmeler häzirki talaplaryň birnäçe böleklerine, şol sanda web-saýtlary kiberhowplardan goramak meselelerine, maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalaryny almak tertibine we web-saýtlaryň dolandyryş bölümleri bilen işlemegiň kadalaryna degişlidir.
Üýtgetmeleriň doly teksti bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynda tanşyp bolar.
