
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Gökderede çagalar üçin baýramçylyk çäresini gurady
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Demirýolçy» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin medeni çäre gurady. 9-njy iýulda ýaşajyk tomaşaçylaryň öňünde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri täze sahna çykyşlary bilen çykyş etdiler.
Artistleriň çykyşlary çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy we olara ýakymly duýgulary bagyşlady. Sirk artistleriniň ýerine ýetiren şowhunly we şadyýan çykyşlary baýramçylyk ruhuny döredip, çäräni şatlyk hem-de şowhun bilen bezedi.
Çagalar artistler tarapyndan guralan dürli oýunlara we bäsleşiklere hem uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Çagalar çalasyn hereket etmek hem-de ugurtapyjylyk başarnyklary boýunça geçirilen bäsleşiklerde güýç synanyşdylar we tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Gökdere jülgesiniň tämiz howasynda dynç alýan çagalar tomusky dynç alyşlaryny manyly we peýdaly geçirýärler. Tebigatyň gözel künjeginde guralýan dürli medeni-dynç alyş çäreleri olaryň saglygynyň berkidilmegine, ruhubelentliginiň ýokarlanmagyna hem-de wagtyny gyzykly geçirmegine ýardam berýär.
