Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi enjamlary öndürijileriň arasynda HALKARA tender gaýtadan yglan edýär

  • Lot №1 — «Türkmentelekom» EAK-nyň gysyş (kompressiýa) ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin enjamlary getirmek we gurnamak.
  • Lot №2 — «Türkmentelekom» EAK-nyň «Orbita» stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak we ony ätiýaçlandyrmak (ätiýaçlyk ulgamyny döretmek) üçin enjamlary getirmek we gurnamak.

Tendere gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek, 200 (iki ýüz) ABŞ dollary möçberinde (GOS-y hasaba almak bilen) serişdeleri tölemek üçin hasap-fakturany almak we tender resminamalarynyň toplumyny almak zerurdyr.

Tender teklipleri aýratynlykda iki buketde (tehniki we täjirçilik teklipleri) bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça tabşyrylmalydyr.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi:

744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 88-nji jaý.

Telefon: (+99312) 44-91-71, faks: (+99312) 98-00-90.