
Aragatnaşyk pudagynda zähmet çeken Watan gahrymanlaryny hormatlamak çäresi guraldy
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda Watan gahrymanlaryna Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar we gül desseleri gowşurylýar.
Ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň çäklerinde, her ýyl Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we ministrligiň edara-kärhanalary tarapyndan aragatnaşyk pudagynda zähmet çeken Watan gahrymanlaryny hormatlamak çäresi guralýar.
Şu ýyl «Türkmenpoçta» PAK-da uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çeken Watan gahrymany Walentina Žerdewa 103 ýaşaýar. Walentina Žerdewa gaýduwsyz esgerlerimiz bilen deň söweşen, şöhratly söweş ýollaryny geçen we Beýik Watançylyk urşunyň köp sanly baýraklaryna, alkyş hormata mynasyp bolan zenanlaryň biridir.
Aragatnaşyk pudagynyň wekilleri Ýeňiş güni mynasybetli Watan gahrymanynyň öýüne baryp, baýramçylyk sowgatlaryny we ter gül desselerini gowşuryp, nesilleriň hormatyna mynasyp bolan merdana zenana edermenligi we gahrymançylygy üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Walentina Žerdewa öz gezeginde ýurdumyzyň parahatçylygyna, asudalygyna, gülläp ösüşine buýsanç bildirip, Döwlet Baştutanymyzyň Watan gahrymanlaryna, merdanalyk mekdebine öwrülen ýaşuly neslimize goýýan belent hormat-sarpasy, döwlet derejesindäki aladalary üçin ýürek arzuwlaryny we alkyş sözlerini beýan etdi.
