
YHG-nyň sammitiniň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi
Şu gün Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammitiniň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamy ýaly sebit taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al Jaber bilen gepleşikler geçirildi.
Taraplar energrtika ulgamynda, husasan-da gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.