Türkmen halkynyň Milli Lideri «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini, şunda Gahryman Arkadagyň ägirt uly goşandyny belledi. Işewür häzirki wagtda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň innowasion ösüşiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu işe goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, BMG-niň ozalky Baş sekretary Pan Gi Muna, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ozalky Başlygy Kim Çžin Pýo, şeýle hem Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ozalky ýolbaşçysy Li Dal Gona iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Gahryman Arkadag Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly «ýaşyl» taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça çöpünden «ýaşyl» metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň gurluşygynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, taslamalaryň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Işewür Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigini belledi.