Türkmenistanyň Prezidenti serhet goragynda ulanylýan wideogözegçilik enjamlary bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň barşynda birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

TDH-niň habar berşi ýaly, harby gullukçy TürkmenistanyňÝaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny wideogözegçilik enjamlary arkaly Döwlet serhediniň goragyna gözegçilik edilişi bilen tanyşdyrdy.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar hem-de programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwrebap enjamlardyr aragatnaşyk serişdeleri serhetde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwlet serhedinde ýagdaýy berk gözegçilikde saklamaga, onuň ygtybarly goragyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Harby gullukçy döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň ýurda mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.