
ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti maslahatlaşyldy
11-nji sentýabrda Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti çykyş edip, oňa gatnaşyjylararyň ünsüni hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine çekdi. Maslahata ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Žoan Pons Sampýetro tarapyndan Hemişelik Geňeşe ýetiren hasabatyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Mejlisiň dowamynda özara ynanyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen yzygiderli maslahatlaryň geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hem-de ýurduň daşary syýasatynyň binýady bolmagynda galýan oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde dialogy berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmäge gönükdirilen çäreleri hem öňe sürdi.
Aşgabat 2023-nji we 2024-nji ýyllarda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň iki halkara maslahatyny üstünlikli geçirip, parlament agzalaryny, bilermenleri we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.