
Aşgabat ŞHG-ä agza ýurtlara gaz üpjünçiligini artdyrmaga taýýar
Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýar. TDH-niň habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
«Energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Biz häzirki wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyrys. Umuman, elektroenergetika pudagyna ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti senagat kooperasiýasyny tagallalary birleşdirmek üçin ugurlaryň ýene biri hökmünde görkezdi. Ýurtlaryň okgunly ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi — bularyň ählisi ykdysady hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň senagat kooperasiýasy strategiýasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
ŞHG-niň sammiti 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 1-nji sentýabryna çenli Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirildi. Oňa 20-den gowrak ýurtlaryň döwlet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.