Mähri Bäşimowa Bled forumynda Türkmenistana wekilçilik edýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 1-2-nji sentýabr aralygynda Sloweniýanyň Bled şäherinde geçirilýän XX Bled strategik forumyna gatnaşýar.

Forumyň çäklerinde türkmen diplomaty Sloweniýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Melita Gabriç bilen duşuşdy. Gepleşikleriň netijesinde sloweniýa tarapy Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady.

«Bled strategik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşmagym meniň üçin örän ýakymly boldy» diýip, Melita Gabriç özüniň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşdy.

Ol şeýle hem Sloweniýanyň Türkmenistanyň bilen gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşmagyna ygrarlydygyny, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýanyň bu döwleti bilen ýokary derejede hyzmatdaşlygynyň giňelmegine hoşniýetli garaýandygyny belledi.

Foruma gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow we beýleki resmi adamlar hem bar.

Bled strategik forumy halkara derejesindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň öňdebaryjy platformalarynyň biridir. Onda syýasy gurşawyň, işewürlik jemgyýetiniň hem-de raýat jemgyýetiniň wekilleri halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşýarlar.