
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň platformasy bolup biler
Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, Türkmenistanyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady. Bu barada TDH habar berýär.
«Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsüňizi çekmek isleýärin. Biz bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardyrys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, ägirt uly serişde binýady, geografik taýdan ýerleşmegiň artykmaçlyklary, senagatyň we infrastrukturanyň çalt depginler bilen ösmegi, özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi — bularyň ählisi ykdysady taýdan ýakynlaşmaga, bilelikde ösmäge, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, ŞHG-niň giňişliginde we Türkmenistanyň çäginde yklym, geljekde bolsa ählumumy ähmiýetli iri ykdysady merkezleri döretmäge ýardam berýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň we ŞHG-niň hyzmatdaşlygynyň dürli formatlarynyň we nusgalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirmäge hem-de baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygy uzak möhletli, özara bähbitli esasda giňeltmäge, iri sebit we halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag ugruna aýratyn ünsi çekdi. «Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar» diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, Türkmenistanyň we ŞHG-niň obýektiw artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu babatda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn belledi. «Biz gurama hökmünde ŞHG-niň hem-de Türkmenistanyň bu ugurda bähbitleriniň gabat gelýändiginden, onuň özara gabat gelmegiň ýokary derejesine eýediginden ugur alýarys. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy wezipämiz diýip hasaplaýaryn. Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna doly derejede çykmak, Ýewraziýa geoykdysady giňişliginde uzak möhletli we güýçli ornumyzy pugtalandyrmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde garaýarys. Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.