
Türkmenistan ŞHG bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek teklibini öňe sürdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) agza ýurtlaryna gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek teklibini hödürledi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
«Deňizüsti ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar.
Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn» — diýlip, habarda nygtalýar.
ŞHG-niň sammiti 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 1-nji sentýabryna çenli Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirildi. Oňa 20-den gowrak ýurtlaryň döwlet baştutanlary hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.