Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentine gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Lyong Kyonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wýetnamyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.