Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Owganystanyň Hökümetine ýurduň Kunar we Nangarhar welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.