Oguljahan Atabaýewa Hytaýda birnäçe duşuşyklary geçirdi

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň birinji gününde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy diýip, TDH ýazýar.

Dostlukly ýurduň wekili myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek bilen çäklenmän, olaryň ýokary hilli, inklýuziw bilim almagyna hem uly ähmiýet berýändigine ýokary baha berdi.

Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bilim ulgamynyň Türkmenistan üçin örän möhüm ugur bolup durýandygyny, çünki onuň islendik jemgyýetiň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigine üns çekilip, ýokary derejedäki syýasy dialogyň yzygiderli we ynanyşykly häsiýeti aýratyn nygtaldy.

O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada aýdyp, bu düzümiň lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bilen bir hatarda, çagalaryň mekdebe çenli ýaşdan başlap ýokary hilli we inklýuziw bilim almagyna-da ýardam berýändigini belledi. Gazna ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň bagtyýar durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda döredildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu düzümiň alyp barýan işiniň gerimini giňeltmek, hususan-da, bilim ulgamynda işlemek mümkinçiligine seretmek meýilleşdirilýär. Şunda Hytaýyň mümkinçiligi çäkli çagalara bilim bermek ulgamynyň işine gyzyklanma bildirildi.

Hytaý tarapynyň wekili Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, akademiki alyşmalary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, türkmen talyplary üçin bilim maksatnamalarynyň gerimini giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bilim, ylym ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň arasynda dialogyň pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Oguljahan Atabaýewa mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň ýagty geljeginiň bähbidine bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

HHR-iň bilim ministri gaznanyň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, inklýuziw bilim, mümkinçiligi çäkli çagalaryň jemgyýete goşulyşmagyna gönükdirilen usulyýetleri we maksatnamalary alyşmak meseleleri boýunça giňişleýin dialoga taýýardygyny mälim etdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda HHR bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmäge gyzyklanma bildirildi. O.Atabaýewa çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek boýunça hytaý tarapynyň tejribesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, hytaý tarapynyň wekili bu möhüm ugurlarda tejribe paýlaşmaga hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmäge taýýardyklaryny tassyklap, çylşyrymly çaga keselleri bilen göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili mähirli garşylady. Türkmen wekiliýeti merkezdäki çagalar bakja-bagynda bilim we terbiýe bermegiň döwrebap usullary, çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Çagalar bakja-bagy bilen tanyşlykdan soňra, Oguljahan Atabaýewa merkeziň “Innowasiýalar giňişligi” bölümine baryp gördi.

Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda Hytaýyň Min we Sin nesilşalyklarynyň zenan lybaslary, taryhy şaý-sepleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde hytaý operasyndan parçalar ýerine ýetirildi. Munuň özi özboluşlylygy bilen tapawutlanýan gadymy hytaý sungatynyň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi.

Tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa merkeze mundan beýläk-de netijeli işlemegi arzuw edip, bu ýerde dostlugyň nyşany hökmünde ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

HHR-e saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue, Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bilen hem duşuşyklary boldy.