«ŞHG+» formatyndaky duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder

Şu gün Hytaýyň Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guraljak ýokary derejeli duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, «ŞHG+» formatynda dowam etjek ýokary derejeli duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder.