Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa bardy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Bu barada TDH habar berdi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Týanszin şäheriniň halkara howa menziline gelip gondy.

Serdar Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.