
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi
30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleri barada brifing geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki şanly 80-nji sessiýasynyň wajyplygy barada aýratyn belläp, munuň köptaraplaýyn diplomatiýanyň durnuklylygyny we wajyplygyny alamatlandyrýan ähmiýetli sepgitdigini nygtady.
Türkmenistanyň ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanan oňyn bitaraplyk syýasatynyň durnuklylygy berkitmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijeli guralydygyndan ugur alýandygy barada bellenip geçildi.
Brifinge gatnaşyjylar özara pikir alşyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleriniň çäklerindäki meseleleri durmuşa geçirmek ýolunda ysnyşykly özara gatnaşyklary dowam etdirmek babatda aýtdylar.
Brifingiň dowamynda parahatçylyk gurluşyk, sebitleýin we halkara durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi öňe sürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we konstruktiw orny barada bellenildi.