Türkmenistanyň DIM-i BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde ýurduň öňe sürjek garaýyşlaryny beýan etdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 29-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Wise-premýeriň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanynyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu möhüm resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamalary görkezmek bolar. Türkmenistan tarapyndan Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, BMG-niň Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly bent girizilip, onuň çäklerinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy», şeýle hem türkmen döwletiniň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde «Halkara araçylyk güni» atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär.

Dünýä halklarynyň arasynda özara ynamy berkitmek maksady bilen, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde ählumumy we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň meselelerini bilelikde çözmek ýörelgeleriniň esasyny düzýän «Halkara ynanyşmak kodeksini» işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler.

Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer. Bu başlangyç ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze geçelgeleri döretmäge we ähli ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ulgamyna elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Dünýä bazarlaryny energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly bolmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistan «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu başlangyç ýurduň açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň emele gelmegine, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulmagyna ýardam eder. Sanly ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylyga we ösüşe hyzmat etmegini gazanmak üçin Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.

Türkmenistan Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder. Bu merkez topragyň we ekoulgamyň goragyny güýçlendirmek hem-de ýurtlaryň bilelikdäki tejribesini toplamak üçin köptaraplaýyn meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle hem Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu konwensiýalar serhetara suw serişdelerini netijeli we adalatly ulanmak üçin ygtybarly halkara hukuk esasyny emele getirer.

Merkezi Aziýanyň daşky gurşaw meselelerine strategik çemeleşmegiň möhüm ädimi hökmünde Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam eder. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek we onuň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli, meýilnamalaýyn işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar deňziniň dünýä derejesindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren «Hazar ekologik başlangyjynyň» çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda beýan edildi. Döwlet Baştutanynyň bu ulgamdaky başlangyçlaryndan ugur alyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjy öňe sürler. Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin «Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi» yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek, şol sanda «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanynyň başlangyçlary esasynda Türkmenistan hukuk ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda halkara hukugyň orny we ähmiýeti barada möhüm teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň biri hem 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder, şeýle hem 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere Türkmenistanyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, olary bu guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda beýan etmek we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, bu babatda şu ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda brifingi geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.