Prezident sekiz aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň sekiz aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Hökümet mejlisinde ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, şeýle hem ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, halkara gatnaşyklar barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurtda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
«Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy, şeýle hem ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalar hem-de binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda ýurtda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini belledi. Şeýle hem Aşgabatda we welaýatlarda okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň birnäçesiniň açylyp ulanmaga beriljekdigi barada aýdyldy.
«Ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny geljekde hem yzygiderli ösdüreris we kämilleşdireris» diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ulanmaga berilmeginiň hem ýurduň durmuşynda möhüm waka boljakdygyny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga ýüzlenmek bilen, bu täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny haýyş etdi.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanyny hem-de Gahryman Arkadagy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.