Hytaýyň DIM: Türkmenistanyň Prezidenti Týanszin şäherinde geçiriljek ŞHG-nyň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşar. Bu halkara çäresi 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 1-nji sentýabryna çenli Hytaýyň Týanszin şäherinde geçiriler — diýip, Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin habar berdi. Bu barada «Sinhua» agentligi maglumat berýär.

Hytaýly diplomatyň sözlerine görä, sammite 20-den gowrak daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri gatnaşar. Döwlet ýolbaşçylary ŞHG-nyň üstünlikli tejribesini ara alyp maslahatlaşarlar, guramanyň ösüş ugurlaryny kesgitlärler we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça umumy ylalaşyga gelerler.

Lýu Bin belleýşi ýaly, bu sammit ŞHG-nyň Hytaýda geçirilýän bäşinji sammiti bolar we guramanyň döredilen gününden bäri iň uly halkara çäre hökmünde taryha girer. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin sammite gatnaşýan döwlet ýolbaşçylary we halkara guramalaryň ýolbaşçylary üçin garşy alyş nahar beriş çäresini geçirer, şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar bolup geçer.

Diplomat duşuşyklaryň guramanyň «has-da jebis bir bitewi ykbal bileleşigini» döretmek maksadyna hyzmat etjekdigini nygtady. Şeýle hem Hytaýyň lideri Hytaý Halk Respublikasy bilen agza ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamalary hödürlär.

Ozal Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ŞHG-nyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga resmi taýdan çakylyk iberendigi barada habar berlipdi.