
Aşgabat, Daşkent we Baku howa gatnawlarynyň ösüşine goldaw bermek barada ylalaşdylar
Türkmenistan, Özbegistan we Azerbaýjan howa gatnawlarynyň, işewürligiň we syýahatçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw bermek barada ylalaşdylar.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.
«Taraplar ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny, işewürligi we syýahatçylygy ösdürmegiň ähmiýetlidigini bellediler. Munuň özi ýük we ýolagçy gatnawlaryny artdyrmaga ýardam berer» diýlip, resminamada bellenilýär.