
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň sekizinji forumyna gatnaşýar
14-15-nji awgustda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — ynanyşmagyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň umumy giňişligi» atly Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň sekizinji forumy geçirilýär. Bu forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik institutlaryň, ylmy barlag merkezleriniň ýolbaşçylary, hünärmenleri we alymlary, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň maksatnamasy sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegine garamagy we köptaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek üçin anyk çäreleri kesgitlemegi öz içine alýar.
«Täze Merkezi Aziýa: sebit hyzmatdaşlygynyň arhitekturasyny kämilleşdirmek» atly forumyň birinji bölümçesiniň çäginde Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň bilermeni B.Amansaryýew çykyş etdi. Ol häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň diňe bir geografiki sebit däl, eýsem syýasy dialog, ykdysady integrasiýa we ynsanperwer ýakynlaşmak üçin döreýän giňişlikdigini belledi.
Türkmen bilermeni Türkmenistanyň sebitiň ösüşine möhüm goşant goşýan ugurlary, ýagny parahatçylyk we howpsuzlyk, ulag-logistika arabaglanyşygy, energetika, suw meselesi, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi.
B.Amansaryýew çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň daşda durmagy aňlatman, eýsem parahatçylyk döredijilikli başlangyçlar üçin platforma bolup hyzmat edýändigini belledi. Ýurdumyz Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleri bilen gatnaşyklary has-da berkitmäge, gepleşikleri ösdürmäge hem-de adalatly we durnukly sebit integrasiýasynyň täze modeliniň emele gelmegine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklaýar.