Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanam bildirýärler

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmekde özara gyzyklanma bildirildi.