
Daşary ýurt metbugaty BMG-niň Türkmenistanda geçirilen forumynyň netijelerini giňden beýan etdi
Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahaty köp sanly halkara metbugat serişdeleri tarapyndan işjeň beýan edildi. Ýatlatsak, Maslahaty we onuň çäklerinde guralan çäreleri giňden beýan etmek maksady bilen Türkmenistana 40-a golaý döwletden 160-dan gowrak metbugat wekili geldi.
Maslahatyň dowamynda bolup geçen wakalar we onuň netijeleri barada Özbegistanyň UZA Milli habarlar agentligi, «Kazinform» halkara agentligi, Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentligi, Azerbaýjanyň Azertag döwlet habarlar agentligi, Türkiýäniň Anadolu habarlar agentligi, EU Reporter, şeýle hem «Mir» we «AzVision.az» teleýaýlymlary ýaly metbugat serişdeleri we beýlekiler habar berdiler.
Daşary ýurt metbugaty Awazanyň Maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanmagynyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyň we dialogyň merkezine öwrülmek islegini, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşini goldaýandygyny görkezýändigini belläp geçdiler.
Maslahat Türkmenistanyň giň gerimli halkara çäreleri geçirmäge hem-de dünýä derejesindäki meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşmaga ukyply ýurt hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berdi.
Hereketleriň Awaza Maksatnamasynyň we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi geljek on ýyl üçin ösüşiň anyk meýilnamasyny kesgitledi. Dünýä metbugat sahypalarynda bu başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň halkara raýdaşlygyndan, maliýe ulgamynyň özgertmelerinden, tehnologiýalaryň alyş-çalyşyndan we hususy ulgam tarapyndan işjeň gatnaşmakdan köp derejede baglydygy nygtalýar.
Türkmenistan parahatçylyk dörediji bitarap ýurt hökmünde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly ösüşine saldamly goşant goşmak bilen, halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar – diýip, TDHagentligi habar berýär.