
Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna garaşylýar
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Beýan edilişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hatynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen türkmen kärdeşini tüýs ýürekden gutlaýar. Ol bu halkara maslahatyň Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýyl-ýyldan artýandygynyň aýdyň güwäsidigini, forumda ösüp barýan döwletleriň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady we ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, olaryň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak hem-de dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagynyň oňa aýratyn ähmiýet berendigini nygtaýar.
— Çäräniň çäklerinde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi we Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň tassyklanylmagy biziň bu asylly maksatlarymyza hyzmat eder. Şeýle hem Siziň bilen netijeli we açyk dialogymyzyň özara gatnaşyklarymyzyň ähli ileri tutulýan ugurlary boýunça köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine berk ynanýaryn — diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew hatynda ýazýar.
Özbek Lideri Türkmenistanda saparda bolan wagty “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär.
— Bu ýokary sylagy diňe bir maňa we ähli özbek halkyna bildirilen sylag-hormatyň nyşany hökmünde däl-de, eýsem, biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky baky dostlugyň nyşany hökmünde hem kabul edýärin. Siziň ýakynda ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna berk ynanýaryn — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda belleýär.