BMG-niň maslahatynyň çäklerinde Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde «Ygrarlylykdan özgertmelere: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar» ady bilen Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşyga deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge zenanlaryň doly we deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmekde ýokary derejede syýasy goldawy bermek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak babatda platformany döretmek maksady bilen, bu ýurtlarda gender deňligini gazanmak hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdyrmak, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge ýardam berjek zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin maslahatlary işläp taýýarlamak, zenanlaryň tehnologiýalara we maliýe serişdelerine elýeterliligini giňeltmek ugrunda tagallalary birleşdirmek ýaly maksatlar bilen geçirildi.

Forumyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýan zenan ýolbaşçylar gender deňliginiň, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň we durnukly ösüşiň aýrylmaz arabaglanyşygyny, şeýle hem inklýuziw ösüşe ýardam bermek üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini üpjün etmegiň zerurdygyny ykrar etmek bilen, ähli ýolbaşçylary hem-de gyzyklanma bildirýän taraplary durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge deňhukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek ugrunda zerur çäreleri görmäge çagyrýarlar.