BMG-niň Awaza forumynyň çäklerinde ýokary derejeli «tegelek stol» söhbetdeşliginiň bäşinjisi geçirildi

Şu gün Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüş maksadynda serişdeleri bermek we ugrukdyrmak hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly ýokary derejeli bäşinji «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. BMG-niň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guralan duşuşyga foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň gün tertibine deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň infrastruktura bolan isleglerini kanagatlandyrmak we olaryň ösüşini üpjün etmek üçin halkara maliýeleşdirmegiň innowasion gurallaryny kemala getirmek, halkara hyzmatdaşlygyň, pul geçirimleriniň orny, maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmegiň zerurlygy bilen bagly möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar içerki serişdeleriň gönükdirilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde möhüm ähmiýetli taslamalary durnukly maliýeleşdirmek üçin örän wajypdygyny bellediler.
Şeýle-de degişli ýurtlarda karz bilen bagly meselelerde netijeliligi üpjün etmek boýunça pikir alşyldy. Şunda karz bermek tejribesiniň ilerledilmegini, gyzyklanma bildirýän degişli taraplaryň ählisiniň, şol sanda döwlet we hususy karz berijileriň, halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagyny höweslendirmegi göz öňünde tutýan toplumlaýyn we maksadalaýyk çemeleşmeleri kabul etmegiň wajypdygy bellenildi.