Türkmenistanyň Prezidenti Polşanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Polşanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.