
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki ýurduň halkara giňişliginde abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýandyklaryny bellediler we şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklarynda möhüm tapgyr boljakdygyna, onuň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň we Türkmenistan bilen tanyşlygyň bolsa özara hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem taraplar häzirki wagtda energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Netijeli geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi iki ýurduň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.