
Türkmenistanyň Prezidenti Mali Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin bilen gelen Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan öz daşary syýasatynda ähli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň Mali Respublikasy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi oba hojalygynda innowasiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, şeýle hem bilim we hünär taýdan taýýarlyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Şeýle hem söhbetdeşler ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikdäki çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga özara bähbitlere laýyk gelýän gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.