BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Hususy pudagyň forumy geçirildi

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde, düýn Hususy pudagyň forumy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti, BMG-niň Ählumumy şertnamasy, Ýewropanyň Maýa goýum banky, Ählumumy hyzmatdaşlyk forumy, Halkara söwda merkezi, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Bu forum dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurdunda Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak babatda hususy pudagyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin işewür toparlaryň wekilleriniň dünýä ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri bilen pikir alyşmagyna ajaýyp mümkinçilikdir diýip, TDH ýazýar.

Forumyň gün tertibine DÇBÖBD-de söwdany we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, sanly özgeriş, maliýeleşdirmek we maýa goýumlar bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forum ýokary derejeli mejlis bilen açyldy.

Mejlisde çykyş edenler DÇBÖBD-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde hususy pudagyň eýeleýän orny barada pikirlerini paýlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu ýurtlarda maýa goýum gurşawyny gowulandyrjak hem-de hyzmatdaşlyga ýardam berjek innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdançadyr.

Çykyş edenler hususy pudagyň mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin hemmetaraplaýyn strategik çemeleşmäniň, şol sanda söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmeginiň, hususy eýeçiligiň goraglylygynyň üpjün edilmeginiň, durnukly makroykdysady syýasatyň, şeýle hem telekeçilik üçin maliýeleşdirmäge elýeterliligiň giňeldilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Şeýle-de hünär-tehniki bilime maýa goýmagyň, telekeçiligi işjeň goldamagyň, maýadarlar üçin amatly mümkinçilikleri döretmegiň işewürligi ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Soňra forum öz işini söwda we üstaşyr ýük daşamalaryna bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisde dowam etdi. Mejlis Hereketleriň täze maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde DÇBÖBD-de söwdany we üstaşyr ýük daşamalary ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Foruma gatnaşyjylar deňze çykalganyň bolmazlygynyň söwdany ösdürmek üçin päsgelçilik döredýändigine, ýöne hususy pudagyň bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak işine işjeň gatnaşmagynyň bu päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine, beýan edilen teklipleriň bolsa bu ýurtlarda durnukly ösüşi mundan beýläk-de üpjün etmek ugrundaky tagallalar üçin binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.

Şu gün forum öz işini deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüş mümkinçiliklerine, maliýeleşdirmäge we maýa goýumlara hem-de sanly ösüşe bagyşlanan mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.