Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň birinji wise-prezidentini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen duşuşdy.

TDH-niň habar bermegine görä, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän forumyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de onuň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şeýle-de belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň wise-prezidentini mähirli mübärekläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan saparynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, hususy pudagyň ugry boýunça dialogyň has-da işjeňleşdirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda eýeleýän ornuna üns çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine gönükdirilen netijeli teklipleridir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.