Türkmenistan we San-Marino BMG-niň Awazada geçiriljek forumyna taýýarlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen San Marinonyň daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkariniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara düzümleriň çäginde özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.