Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda Awazada geçiriljek foruma taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utiýopin bilen Türkmenistanyň Minsk şäherindäki ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belarus tarapynyň başlangyjy bilen guralan duşuşyk ýurduň DIM-inde bolup geçdi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň Minsk şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda öňde boljak saparlaryň we duşuşyklaryň tertibine, şol sanda halkara çäreleriň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forum 4 — 8 awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Türkmenistan bilen Belarusyň halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek babatyndaky garaýyşlarynyň meňzeşdigine ünsi çekip, taraplar netijeli dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal BMG-niň forumynyň çäklerinde Türkmenistanda zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň geçiriljekdigi barada habar beripdik.