BMG-niň Türkmenistandaky forumynyň çäginde zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçiriler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň maksatnamasy zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny hem öz içine alýar. Zenanlaryň öň hatarda bolmagy häzirki döwrüň ählumumy, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmegiň möhüm şertidir.

Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleri ilerletmekde iri düzümleriň biri bolup çykyş edýär. Türkmen jemgyýetiniň möhüm bölegini düzýän zenanlar häzirki wagtda döwlet dolandyryşynyň dürli düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işlemek, daşary syýasy işlere gatnaşmak we telekeçilik bilen meşgullanmak arkaly giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar diýip, TDH ýazýar.

Jemgyýetiň sagdynlygynyň möhüm görkezijileriniň hatarynda onuň çagalar we eneler baradaky aladasynyň derejesini, maşgala gymmatlyklarynyň berkligini, köp çagaly maşgalalara berilýän goldawlary görkezmek bolar. Bu işlerde demokratik gymmatlyklar, milli däpler öz beýanyny tapýar. Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmekde, daşky gurşawy goramakda, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiň, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini çözmekde zenanlaryň goşýan goşandy munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki döwürde ýurtda zenanlaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.

Ýurtda 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy durmuşa geçirilýär. Bu ugurda eýýäm ikinji gezek kabul edilen bu resminama döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna zenanlaryň gatnaşygyny mundan beýläk-de giňeltmäge, gender deňliginiň ýörelgelerine eýermek arkaly durnukly ösüşi, durnukly ykdysady öňegidişligi gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, eneligi we çagalygy goramak, köp çagaly maşgalalary durmuş taýdan goldamak boýunça maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini, sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň üpjün edilmegini, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmegini şertlendirýän syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer işlere goşant goşmakda zenanlaryň tagallalarynyň ýokary derejede ykrar edilýändigini we goldanylýandygyny görkezmäge gönükdirilendir.

Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.