
Türkmenistanyň Prezidenti sebitlerde ýangynyň öňüni alyş çärelerine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimlerine howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
«Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy» diýlip habarda bellenilýär.