Türkmenistanyň we Tunisiň DIM-leriniň ýolbaşçylary Awazada geçiriljek foruma taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar

19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtdaky tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlikde taraplar şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Konstruktiw häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi boýunça pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.