
Türkmenistanyň we Ermenistanyň parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
18-nji iýulda bolan duşuşykda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini nygtadylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler.
Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga taýýardyklaryny bellediler.
Şonuň ýaly-da, iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde iş saparlaryny we duşuşyklary guramagyň ähmiýetiniň uly boljakdygy beýan edildi.