Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Fransiýanyň milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Biz netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegini goldaýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.