Daşoguz welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi

Serdar Sähetgulyýewiç Meredow, başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Nurbaýew Şatgeldi Çäşemowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Şyhmyrat Esenowiç Annaýew bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol etrabyň häkiminiň orunbasary Meýlis Begençewiç Çaryýewiň üstüne ýüklenildi.

TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda alty aýyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi.