
Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow alty aýyň jemleri boýunça geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini, olaryň ýurduň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen baglylykda, ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar — diýip, döwlet Baştutany belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisiniň 13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy.
— Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere serediler — diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.