
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) öňüsyrasynda Türkmenistanda Awaza AI atly wirtual kömekçi görkezildi. Bu innowasion AI-agent forumyň gatnaşyjylaryna çäre bilen baglanyşykly zerur maglumatlary çalt we takyk görnüşde üpjün etmek üçin döredildi.
LLDC3 maslahaty 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» kongresler merkezinde geçiriler.
Wirtual kömekçi bu maslahatyň guramaçylarynyň, aýratyn-da çäreleriň geçiriji döwleti hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy bilen taýýarlanyldy. Awaza AI gatnaşýanlara programmanyň gurluşy, çykyş edijiler, logistika, guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly jikme-jik maglumatlary berýär we hakyky wagt düzgüninde goldaw bermegi üpjün edýär.
Maslahatyň çäklerinde umumy mejlisler, ugurdaş tegelek stollar, şeýle-de BMG-niň agza döwletleri, hökümete degişli däl guramalar we hususy ulgam tarapyndan guralýan ugurdaş çäreler geçiriler. Mundan başga-da, durnukly ösüş, halkara söwda, ulag, infrastruktura, informatika tehnologiýalary we howa ýagdaýy ýaly ugurlar boýunça sergiler hem guralar.
Çärede aýratyn üns ýaşlar forumlaryna, zenan liderlere, raýat jemgyýetiniň wekillerine we hususy ulgamyň gatnaşyjylaryna berilýär. Ähli çärelere gatnaşmak üçin öňünden hasaba alyşy geçmek zerur bolup durýar.