Türkmenistanyň we Belarusuň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyga aýratyn üns berildi.

Diplomatlar özara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini bellediler we yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.