
Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy moldowaly, burundili we Çadly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow aýratynlykda Moldowa, Burundi we Çad döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, Moldowa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihai Popşoi bilen geçirilen söhbetdeşlikde türkmen-moldowan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üns 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk meselelerine gönükdirildi.
Burundi Respublikasynyň ösüş maksatly hyzmatdaşlyk we daşary işler ministri Alber Şingiro bilen geçirilen gepleşikde taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de BMG-niň öňümizdäki konferensiýasyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.
Raşid Meredow Çad Respublikasynyň daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtlardaky çadlylaryň işleri boýunça ministri Abdulaýe Sabre Fadul bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de Awazada boljak foruma taýýarlyk bilen bagly pikir alyşdylar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň 2025-nji ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.