Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň gallaçy daýhanlary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ähli oba hojalyk işgärlerine we gallaçylaryna Gutlag ýollady diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ora­k möw­sü­min­de «John Dee­re», «СLA­AS» ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň hä­zir­ki za­man bugdaý oru­jy kom­baýn­la­ry ne­ti­je­li ulanyldy. Ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar gi­je-gündiz­le­ýin ter­tip­de iş­le­di­lip, ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga ýar­dam berdi.

Bugdaý oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edildi. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi. Ýygnalan täze hasyl zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşaldy.

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistanyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy. Bugdaý oragyna ýurduň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda badalga berildi.